TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

«DEMOKRATIÝA WE HUKUK» ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY

«DEMOKRATIÝA WE HUKUK» ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY

 Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Žurnal hormatly Prezidentimiz Serdar BerdimuhamedowyňMinistrler Kabinetiniňşu ýylyň10-njy fewralynda geçiren giňişleýin mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyzyňçykyşynda 2022-nji ýylyňdowamynda milli ykdysadyýetimiziňdürli pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriňnetijelerine seljerme berilýär hem-de Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Türkmenistanyňiçeri we daşary syýasatynyňilkinji nobatdaky wezipeleri kesgitlenilýär. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz 2023-nji ýylda ýurdumyzyňykdysadyýetine maliýeleşdirmegiňähli çeşmeleriniňhasabyna 37 milliard 400 million manat düýpli maýa goýumlaryňgönükdiriljekdigini belledi. Önümçilik desgalarynyňgurluşygyna 20 milliard 800 million manat, durmuş maksatly desgalaryňgurluşygyna bolsa 16 milliard 600 million manat gönükdirmek meýilleşdirilýär. Bu bolsa, degişlilikde, tutuş ýurdumyz boýunça maýa goýumlaryňumumy möçberiniň55,6 we 44,4 göterimine barabardyr. Şu ýyl maliýeleşdirmegiňähli çeşmeleriniňhasabyna 1 million 58,5 müňinedördül metr ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berler. Ilatyňýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyňmaýa goýum Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiňçäklerinde welaýatlarda we paýtagtymyzda ençeme desgalaryň, binalaryňgurluşygyna badalga berler.

«Saýlawlary geçirmegiňguramaçylyk-hukuk esaslary» atly makala Mejlisiňdeputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyňhem-de Geňeşleriňagzalarynyňsaýlawlaryna bagyşlanypdyr. Awtoryňbelleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygaryndan ruhlanyp, ýurdumyzda halk häkimiýetlilik ýörelgeleri, ýagny raýatlaryňjemgyýetiňwe döwletiňişlerini dolandyrmaga gös-göni, şeýle hem erkin saýlanylan wekilleriniňüsti bilen gatnaşmaga bolan hukuklarynyňdemokratik esaslary ösdürilýär.

«Türkmenistanyňdaşary syýasy strategiýasy we parlament diplomatiýasy» atly makalada bu ugruňköptaraply ylmy barlaglar esasynda ösdürilmegine aýratyn üns çekilýär. Şunda awtor häzirki döwürde bu babatdaky işiňmümkinçilikleriniňwe gurallarynyňhalkara guramalaryň, parlamentara assambleýalaryňmeýdançalarynda milli bähbitleriňgoralmagyna hem-de dünýä döwletleriniňkanun çykaryjy edaralary bilen hyzmatdaşlygyňösdürilmegine gönükdirilendigini nygtaýar.

«Magtymguly Pyragynyň filosofik mirasy» atly makalada türkmen halkynyňbeýik şahyrynyňwe akyldarynyňahlak garaýyşlary barada gürrüňberilýär. Makalada täze taryhy eýýamda Magtymguly Pyragynyňedebi mirasynyňornunyňbarha belende galýandygy, onuňöňdengörüjilikli pikirleriniňwe pelsepewi garaýyşlarynyňhäzirki döwürde wajypdygy, olaryňumumadamzat gymmatlygyna öwrülip, häzirki zaman jemgyýetiniňruhy binýady bolup durýandygy barada aýdylýar.

Maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyňgiňden ornaşdyrylmagy, gündelik durmuşda internetiňulanylmagy, Türkmenistanda sanly ykdysadyýetiňösdürilmegi, ilkinji nobatda, tehnologiýa howpsuzlygyny berkitmegiňkanunçylyk üpjünçiligini talap edýär. «Sanly ykdysadyýet we maglumatlaryňhukuk goragy» atly makalada bular barada gürrüňberilýär.

«Hukuk düşünjeliliginiňwe hukuk medeniýetiniňýaşlary terbiýelemekdäki orny» atly makala häzirki döwrüňwajyp meseleleriniňbirine bagyşlanypdyr. Mälim bolşy ýaly, bu ugurda alnyp barylýan işleriňkämilleşdirilmegi kanunyňrüstemligini we jemgyýetde kanunçylygyňberkidilmegini üpjün etmegiňesasy şertleriniňbiri bolup durýar.

Şunda awtor bu ulgamda yzygiderli okuw-terbiýeçilik işini alyp barmagyň, ýaş nesilleriňaňynda hukuk we borç, asyllylyk we dogruçyllyk düşünjelerini, ahlak kadalaryny berkitmegiň, olara kanunlaryňesasy düzgünlerini öwretmegiňwajypdygyna ünsi çekýär.

«Jenaýat iş ýöredişinde sanly tehnologiýalary ulanmagyňaýratynlyklary» atly makala okyjylaryňünsüni özüne çekse gerek. Onda hukuk ýörediş, hukuk goraglylyk we kazyýet işinde täzeçil tehnologiýalaryňulanylmagynyňähmiýetine garalýar. Awtoryňpikirine görä, bu ugur has çuňňur ylmy seljermeleri, onuňesasynda kanunçylyk namalarynyňdegişli derejede kämilleşdirilmegini talap edýär. Bu bolsa geljekde adamlaryňhukuklarynyňygtybarly goraglylygyny üpjün etmäge hyzmat eder.

«Ulag diplomatiýasy we ulag ulgamynyňhukuk düzgünleşdirilişi» atly makalada häzirki döwürde bu pudagyňýurdumyzyňBMG we onuňýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyňmöhüm ugurlarynyňbiri bolmak bilen, Türkmenistanyňdaşary syýasatynda aýratyn orun eýeleýändigi bellenilýär. Şunda häzirki zaman ulag diplomatiýasynda BMG-niňBaş Assambleýasynyňýurdumyzyňbaşlangyçlary bilen kabul eden degişli Kararnamalarynyňähmiýetine üns çekilýär.

Žurnalyňnobatdaky sany, däp bolşy ýaly, «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda okyjylara Türkmenistanyňadam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyňwe halkara ynsanperwer hukugyňýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyňduşuşyklarynadyr mejlislerine, şeýle hem bu ugur boýunça Aşgabatda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen maslahatlara, beýleki çärelere syn berilýär.