TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

«DÖREDIJILIKLI ZÄHMET WE ADAM HUKUKLARY» ATLY BÄSLEŞIGIŇ NETIJELERI YGLAN EDILDI

«DÖREDIJILIKLI ZÄHMET WE ADAM HUKUKLARY» ATLY BÄSLEŞIGIŇ NETIJELERI YGLAN EDILDI

2023-nji ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary insitutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 28 ýyllygy we Adam hukuklarynyň halkara güni mynasybetli Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde gurnamagynda “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň yglan eden “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurnamagynda «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşikleriň jemlerine bagyşlanyp “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: ykdysady we syýasy ösüşleriň gözbaşydyr” atly aýdym-sazly baýramçylyk maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary insitutynyň  professor-mugallymlary, talyp ýaşlary, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekili, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri,  “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly bäsleşigiň ýeňijileri şeýle-de «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriň mümkinçilikleri» atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşiginiň ýeňijileri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda bäsleşikleriň netijeleri yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň başynda žurnal hem-de web saýtlar arkaly “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly bäsleşik yglan edildi we bu bäsleşige ýurdumyzyň bilim, ylym edaralaryndan hukuk goraýjy ulgamlaryň hünärmenlerinden köp sanly makalalar gelip gowuşdy. Şol makalalaryň gowy hasaplananlary “Demokratiýa we hukuk” žurnalynda çap edildi. Bäsleşige gelip gowşan makalalaryň nazary we tejribe nukdaýnazardan has tapawutlananlaryny emin agzalary ýeňijiler diýip saýladylar.

Emin agzalarynyň gelen netijelerine laýyklykda:

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hünärmeni Feride Myradowanyň “Daşky gurşawy goramak boýunça halkara we milli hukuk kadalary” atly makalasy I orna;

Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň uly mugallymy Nurmuhammet Gurbanowyň “Jenaýat iş ýöredişinde sanly tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklary” atly makalasy II orna

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri Gülzar Aşyrowanyň “Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak – wajyp wezipe” makalasy bilen II orna;

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Hukuk we halkara gatnaşyklary müdirliginiň Hukuk bölüminiň uly ýuriskonsulty Rahat Töräýewiň “Hukuk düşünjeliliginiň we hukuk medeniýetiniň ýaşlary terbiýelemekdäki orny” atly makalasy III orna;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň magistranty Şasenem Gylyçberdiýewanyň “Adam hukuklaryny üpjün etmegiň milli we halkara ýörelgeleri” atly makalasy III orna mynasyp boldular.

Ýeňijilere Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.