Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda kanunçylygy kämilleşdirmek iň wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň — Konstitusiýanyň düzgünleri täze döwrüň talaplaryna laýyk getirildi. Onuň jemgyýetdäki orny we ähmiýeti güýçlendirildi.
Konstitusiýada görkezilişi ýaly, Türkmenistan — demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwleti dolandyrmak prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar. Bu düzgünler Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklaryna we azatlyklaryna aýratyn uly ähmiýetiň berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Döwletiň demokratik häsiýeti Konstitusiýada (2-nji madda) kepillendirilýär. Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny halk amala aşyrýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar.
Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini we azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy hem mizemez hukuklaryny goraýar. Her bir raýat öz üstüne Konstitusiýanyň we kanunlaryň ýükleýän borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdir.
Türkmenistanyň Prezidentiniň „Döwlet adam üçindir” diýen ýörelgesi Konstitusiýanyň kadalarynda berkidilip, ýurtda ähli ugurlar boýunça alnyp barylýan işleriň esasy maksadydyr.
Türkmenistanyň Konstitusiýasy hukugyň esasy pudaklary bolan Konstitusiýa, dolandyryş, raýat, zähmet, ekologiýa, maşgala, jenaýat
kanunçylygynyň esaslaryny kesgitleýär. Konstitusiýadan ugur alnyp, Türkmenistanyň kanunçylygy yzygiderli kämilleşdirilýär, olaryň kadalary täze şertleriň talaplaryna laýyk getirilýär.
Häzirki zaman şertlerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary bilen tanyşdyrmak zerurdyr hem-de peýdalydyr. Netijede, talyplaryň — geljekki hünärmenleriň gözýetimi giňeler hem-de olaryň raýat işjeňligi ýokarlanar. Konstitusiýanyň kadalaryna, kanunlaryň, Türkmenistanyň Prezidentiniň hukuk namalarynyň düzgünlerine oňat düşünmek hem- -de olardaky talaplary berjaý etmek möhüm ähmiýete eýedir.
Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslaryny öwrenmegi, hukuk terbiýesini almagy olaryň kanuna, hukuga hormat goýmaklaryny üpjün etmäge syýasy we ahlak taýdan oňyn täsir eder, olaryň hukuk taýýarlygy gündelik iş tejribesiniň kämilleşmegine ýardam eder.
„Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary” diýen okuw kitaby ýokary okuw mekdepleriniň hukuk hünärinden beýleki hünärler üçin niýetlenip, talyplara maddy hukuk pudaklarynyň kanunçylyk esaslaryny öwretmek göz öňünde tutulýar. Şonuň ýalyda, bu okuw kitabyndan orta hünär okuw mekdeplerinde hem okuw gollanmasy hökmünde peýdalanylyp bilner. Esasanam, bu kitapda Türkmenistanyň Konstitusion hukugynyň, Türkmenistanyň dolan- dyryş (administratiw) hukugynyň, Türkmenistanyň zähmet hukugynyň, Türkmenistanyň raýat hukugynyň, Türkmenistanyň maşgala hukugynyň, Türkmenistanyň ekologik hukugynyň we Türkmenistanyň jenaýat hukugynyň kanunçylyk esaslarynyň mazmuny açylyp görkezilýär, ýagny agzalan hukuk pudaklaryna umumy düşünje berilýär, olara degişli hukuk kadalaryna we hukuk gatnaşyklaryna seljerme berilýär. Mundan başga-da şu kitapda öwrenilýän hukuk pudaklarynyň subýektleri barada maglumatlar berilýär hem-de degişli hukuk pudaklarynyň kadalary bozulan halatynda ýüze çykýan jogapkärçilikler hakynda düşündirilýär.
„Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary” diýen okuw kitaby ýeke bir talyplar üçin peýdaly bolman, beýleki hukuk meseleleri bilen iş salyşýan hünärmenlere hem peýdaly bolar diýip awtorlar topary umyt edýär.