2016-njy ýylyň awgust aýynda Berlin şäherinde geçirilen duşuşykda, ykdysadyýetiň we durmuşyň dürli pudaklarynda türkmen-german bilelikdäki taslamalaryň netijeli häsiýetini belläp, Türkmenistanyň we Germaniýanyň Liderleri tarapyndan global ösüşiň we abadançylygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça bilelikdäki hereketleriň ugurlarynyň biri bolan hukuk pudagynda türkmen—german hyzmatdaşlygyň ähmiýetliligi kesgitlenildi. Şu nukdaýnazardan, 1994-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegine Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) işjeň gatnaşýar. Bu gurama Germaniýanyň Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş Federal Ministrliginiň (BMZ) tabşyrygy boýunça işleýär.
Hukuk ulgamy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleriniň hatarynda: Türkmenistanyň Raýat Kodeksiniň, Türkmenistanyň Raýat Iş ýörediş Kodeksiniň, Halkara täjirçilik arbitražy hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalary boýunça bilelikdäki işleri, şeýle hem, häzirki wagtda Türkmenistanyň mejlisi bilen bilelikde Administratiw önümçiligi hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň üstünde işlenilýändigini mysal hökmünde getirip bolar. Kanun taslamalaryny işläp taýýarlamaga hemaýat etmek bilen birlikde, GIZ guramasy „Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly Sebitleýin taslamanyň çäklerinde bazar ykdysadyýetine we hukuk döwletliligine gönükdirilen kanunlaryň ornaşdyrylmagyna ýardam berýär, bu bolsa öz gezeginde, ýurtda ykdysady we maýa goýum ýagdaýynyň durnukly kämilleşmegine ýardam berýär. Bu ugurda, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Raýat Kodeksine ylmy-amaly düşündirişleriň işlenip taýýarlanylmagynda nemes bilermenleriň maslahat beriş ýardamyny bellemek bolar, Türkmenistanyň Raýat Kodeksiniň çap edilen neşirleri kazylar, hukukçylar we hukuk pudagynda işleýän beýleki hünärmenler tarapyndan giňden ulanylýar. GIZ guramasynyň türkmen hukukçylarynyň hünärini ýokarlandyryş çygrynda alyp barýan hukuk maksatnamasynyň işi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. 1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň paýtagtynda we welaýat merkezlerinde halkara jemagat we hususy hukugy barada we onuň häzirki zaman meseleleri boýunça maglumat beriji we düşündiriş çäreleri geçirilýär. Türkmen hukukçylaryny halkara hukugynyň ösüş ugurlary hem-de Ýewropa hukuk jemgyýetçiliginiň gazananlary, şeýle-de Türkmenistanyň hukuk ulgamynyň ýeten derejeleri bilen tanyşdyrmak maksady bilen, taslamanyň çäklerinde her ýyl milli hünärmenler üçin treningleri, tanyşdyryş iş saparlary, halkara we sebitleýin maslahatlary gurnalýar. Bu ýygyndy däbe öwrülen ikitaraplaýyn hukuk taýdan hyzmatdaşlygyň mynasyp dowamydyr. Okyjylara hödürlenýän bu täze kitapda Türkmenistanyň şertnamalaýyn hukugyň ähli ugurlary boýunça türkmen we nemes hukukçylarynyň ylmy işleri toplanandyr. Bu kitabyň düzülişine we neşir edilmegine öz ýardamyny beren hyzmatdaş tarap hökmünde, „Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly Sebitleýin taslamasy, ýygynda giren makalalaryň diňe bir şertnamalaýyn hukugyň ösüşine ýardam bermän, eýsem Türkmenistanyň hukuk ylmynyň kämilleşmegine goşant boljakdygyna ynam bildirýär.
Ýorg Pudelka
„Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam”
atly (GIZ) Sebitleýin taslamasynyň ýolbaşçysy