TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

— Esasy Kanunymyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy baradaky baş ýörelge beýan edildi. Konstitusiýamyzyň hut şu düzgüni hem biziň amala aşyrýan „Döwlet adam üçindir!” diýen syýasatymyzyň esasyny düzdi.

GIRIŞ

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesli watançylyk, Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny berjaý etmek ruhunda terbiýelemek, olary döredijilik taý- dan kämilleşdirmek maksady bilen ýurdumyzda köp çäreler geçirilýär. Türkmen halkynyň taryhy mirasyna, onuň syýasy we hukuk medeniýetine esaslanýan we şol bir wagtda-da döwlet gurluşynyň ykrar edilen öňdebaryjy dünýä tejribelerinden ugur alýan Türkmenistan döwletiniň häzirkizaman kanunçylygy barha kämilleşýär.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan demokratik, dünýewi we hukuk döwletidir. Türkmenistanyň döwlet we hukuk esaslaryny bilmek ýaşlar üçin zerur bilimleriň biridir. Türkmenistanda bilim ynsanperwerlige, demokratiýa, milli aň-düşünjelilige hem-de adamlaryň we halklaryň biri-birine hormat goýmagyna esaslanýar. Umumadamzat we milli gymmatlyklar esasynda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin döwletimizde ykdysady, durmuş, kanunçylyk şertleri döredilen. Bilimiň jemgyýetiň ruhy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan öňe gitmegine esas bolup durýandygyny, onuň döwleti ösdürmegiň ileri tutulýan ugrudygyny hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow yzygiderli nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda birnäçe çäreler geçirilýär. Türkmenistanyň döwlet gurluşyny, kanunçylygynyň umumy kadalaryny bilmek umumy orta bilimiň düzüm bölekleriniň biridir.

Bu okuw kitabynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalary beýan edilýär. Türkmenistan döwleti we hukugy hakyndaky bilimleriň esaslary düşündirilýär. Döwletiň we hukugyň esaslary bilen tanyşmak ýaşlarda raýatlyk düşünjesini ösdürer. Türkmenistanyň raýaty hökmünde ýaşlaryň guwanjyny, buýsanjyny we jogapkärçilik duýgusyny pugtalandyrar, durmuşda her bir raýatyň özüni dogry alyp barmagyna, kanunçylygy berjaý etmegine ugrukdyrar.

Hukuk bilimleriniň özleşdirilmegi ýaşlarda Türkmenistanyň döwleti, hukugy hakynda tutuş düşünjäniň döremegine, hukuk pikirlenmesiniň ösmegine ýardam eder, olara her bir bilimli adamyň aýrylmaz sypaty bolan hukuk medeniýetini kemala getirmäge kömek eder. Döwlet, hukuk we kanunçylyk, demokratiýa hakyndaky Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalary kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Kitapda Türkmenistan döwletiniň gazanan üstünlikleriniň ähmiýetine, döwletimiziň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy we onuň bähbitleridigi hakyndaky esasy ýörelgelere uly üns berilýär. Kitaby özleşdirmek döwrebap dünýägaraýşyň bolmagy, ahlak-hukuk meselelerine dogry düşünmek, jemgyýetçilik tertibiniň bozulmalaryna garşy göreşmek üçin gerek. Türkmenistanda taryhy gysga döwrüň içinde jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän pugta kanunçylyk binýady döredildi. Bazar ykdysadyýetine geçilmegi bilen hususy eýe- çilik, hususy kärhanalar, paýdarlar jemgyýeti ýaly täze hukuk düşünjeleri ýüze çykdy.

Kitapda Türkmenistan döwletiniň gurluşy, wezipeleri, häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamy, adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary baradaky maglumatlar beýan edilen. Döwlet diýip — döwlet özygtyýarlylygyna, ýörite dolandyryş we hukuk goraýjy edaralaryna eýe bolan hem-de belli bir çäklerde hukuk tertibini kesgitleýän jemgyýetiň häkimlikli syýasy guramasyna aýdylýar. Döwlet jemgyýetde ylalaşyklygy üpjün edýär. Hukuk bolsa jemgyýetdäki gatnaşyklary kadalaşdyrýar, halkyň hukuklaryny, borçlaryny, erk-isleglerini jemläp, utgaşdyryp beýan edýär.

Hukugyň, kanunçylygyň esasy wezipesi ýurtda düzgün- -tertibi üpjün etmek, adam azatlyklaryny we hukuklaryny goramakdyr. Biziň döwletimiziň kanunlarynda durmuşyň esasy meseleleri baradaky garaýyş beýan edilýär we Türkmenistan döwletiniň hukuk we demokratik häsiýeti ýüze çykýar. Hukuk — munuň özi özüňi alyp barmagyň döwlet tarapyndan bellenen we goralýan hem-de raýatlaryň erk- -islegini aňladýan umumy hökmany kadalaryň ulgamydyr. Hukuk kadalary hukuknamalarda beýan edilýär. Hukuk- nama diýmek — ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kabul edilen, hemmelere hökmany bolan görkezmeleri özünde jemleýän, hukuklary we borçlary döredýän, üýtgedýän ýa- -da bes edýän resminamadyr. Hukuknamalaryň hemmesi Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar.

Jemgyýet gatnaşyklardan durýar. Döwlet hukuk kadalarynyň kömegi bilen has möhüm gatnaşyklary kadalaşdyryp, şol jemgyýetçilik gatnaşyklaryny hukuk gatnaşyklaryna öwürýär. Haýsy jemgyýetçilik gatnaşyklary hukuknamalar tarapyndan kadalaşdyrylan bolsa, olara hukuk gatnaşyklary diýilýär.

Şu okuw kitaby döwlet, hukuk we hukuk gatnaşyklary hakyndaky dünýägaraýşyň emele gelmegine ýardam berer diýip umyt edýäris.

Okuwçylar orta mekdebi tamamlanlaryndan soň ni- rede işleseler-de, nirede okasalar-da, ýurdumyzyň Esasy kanunynyň we kanunlarynyň kadalaryny oňat bilmelidirler. Türkmenistanda hereket edýän umumy kada namalaryny bilmek, olaryň talabyny berjaý etmek, türkmen halkynyň däp-dessurlaryna hormat goýmak hemmämiziň raýatlyk borjumyzdyr. Türkmenistanyň her bir raýaty öz hukuklaryna we borçlaryna doly we dogry düşünmeli, ak ýürekden halal zähmet çekmeli, Watana wepaly bolmaly. Umuman, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine we olaryň hukuk terbiýesine gönükdirilen uly möçberli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen nesiller üçin döredilýän şertleriň gadyryny bilmek, hözirini görmek nesip etsin.