Telekeçilik işiniň mazmunyny emele getirýän hukuk ylmy düşünjeleri, tejribede telekeçilik işini amala aşyrmagyň hukuk esaslary baradaky maglumatlary öz içine alýan bu kitap telekeçiler, dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli hususy kärhanalaryň hünärmenleri üçin, şeýle-de telekeçilik bilen baglanyşykly ylmy we amaly barlaglary alyp barýan aspirantlara hem dalaşgärlere, mugallymlara ylmy- amaly edebiýat çeşmesi hökmünde niýetlenýär.
Türkmenistanyň telekeçilik işini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň tutuş jemine, belli bir derejede düşünmäge ýardam bermek maksady bilen taýýarlanan bu ylmy-amaly gollanma, esasan, milli telekeçilik kanunçylygy boýunça başlangyç bilimleri, gysga görnüşde özünde jemleýär. Şonuň bilen birlikde, ylmy-amaly işler üçin amatly bolar ýaly telekeçilik işi bilen baglanyşykly kanunlaryň we beýleki kadanamalaryň sanawy gollanmada berilýär. Raýat jemgyýetiniň we hukuk döwletliliginiň institutlaryna daýanýan islendik jemgyýetde, jemgyýet üçin wajyp bolan esasy hereketleriň ählisi kanunçylykda berkidilýän hukuk kadalaryna gollanmak bilen amala aşyrylýar. Türkmenistanda-da telekeçilik işi hereket edýän kanunçylygyň esasynda başlanýar. amala aşyrylýar. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň çäginde telekeçilik işi bilen meşgullanmak isleýän adamlaryň her biri, ilkinji nobatda, döwletiň bu ugurdan hereket edýän kanunçylygyny öwrenmelidir. Şu ylmy-amaly gollanma hem işewür adamlaryň öňünde duran wezipeleri çözmäge belli bir derejede ýardam berse, awtorlaryň ony işläp taýýarlamaga siňdiren zähmetiniň ýerine düşdügi bolar.