TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Türkmenistanyň Raýat kodeksine degişli bu ylmy-tejribe düşündirişi „Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) Sebitleýin maksatnamasyna wekilçilik edýän nemes kärdeşleriniň tejribelerini nazarda tutmak bilen, awtorlar düzüminiň, ýagny işçi toparyň işleri- niň netijesidir. Düşündirişde agzalan oý-pikirler awtoryň nukdaýnazaryny açyp görkezýär, olar awtorlar köpçüliginiň ähli gatnaşyjylarynyň garaýyşlary bilen gabat gelmän hem biler we asla GlZ-iň syýasatyny ýa-da pikirini görkezýär diýip hasap edip bolmaz.

Kanunlara degişli hemme salgylanmalar 2012-nji ýylyň noýabr aýynyň 1-ne çenli ýagdaýa görä berlendir.

Düşündiriş kazylar, prokurorlar, aklawçylar, tejribe geçýän hukukçylar, aspirantlar, hukuk we ykdysady ugurlaryndan ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we mugallymlary üçin, şeýle hem raýatlyk hukugy bilen gyzyklanýan we her günki ýaşaýyş durmuşda oňa gabat gelýän raýatlar üçin niýetlenendir.

Düşündirişiň çap edilip çykarylmagy Germaniýanyň Ykdy­sady hyzmatdaşlyk we ösüş Federal Ministrliginiň (BMZ) tabşyrygy boýunça hereket edýän GlZ-iň goldawy esasynda ýerine ýetirildi.