TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Türkmenistanyň Raýat kodeksine degişli bu ylmy-tejribe düşündirişi „Orta Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) Sebitleýin maksatnamasyna wekilçilik edýän nemes kärdeşleriniň tejribelerini nazarda tutmak bilen awtorlar düzüminiň, ýagny işçi toparyň işleriniň netijesidir. Düşündirişde agzalan oý-pikirler awtoryň nukdaýnazaryny açyp görkezýär, hem-de awtorlar kollektiwiniň ähli gatnaşyjylarynyň garaýyşlary bilen gabat gelmän biler, we hiç hili ýagdaýda asla GlZ-niň syýasatyny ýa-da pikirini görkezýär diýip hasap edip bolmaz.

Kanunlara degişli hemme salgylanmalar 2012-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli ýagdaýa görä berlendir.

Düşündiriş kazylar, prokurorlar, adwokatlar, tejribe geçýän ýuristler, aspirantlar, ýuridiki we ykdysady ugurlaryndan ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we mugallymlary üçin, şeýle hem raýatlyk hukugy bilen gyzyklanýan we her günki ýaşaýyş durmuşda oňa gabat gelýän raýatlar üçin niýetlenendir.

Düşündirişiň çap edilip çykarylmagy Germaniýanyň Ykdy­sady hyzmatdaşlyk we ösüş Federal Ministrligiň (BMZ) tabşyrygy boýunça hereket edýän GlZ-niň goldawy esasynda ýerine ýetirildi.