TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

“DEMOKRATIÝA WE HUKUK” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAP EDILDI

“DEMOKRATIÝA WE HUKUK” ŽURNALYNYŇ NOBATDAKY SANY ÇAP EDILDI

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň 2021-nji ýylyň IV sany çapdan çykdy. Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän bu žurnal hormatly Prezidentimiziň 2021-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahatdaky çykyşy bilen başlanýar.

Žurnalyň bu sanynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy, ilçi Jon Makgregoruň “ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda adam ölçegi babatda hyzmatdaşlyk” atly makalasy şeýle hem ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Mohammad Faýýaziniň “Türkmenistan we ÝUNISEF: her bir çaganyň bähbidine netijeli işlemek ugrunda hyzmatdaşlyk” atly makalasy okyjylara hödürlenilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan daşary syýasatyň esasy ugurlaryny açyp görkezýän “Bitaraplyk – parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň ýoly” atly makala hem žurnalyň bu sanynda öz beýanyny tapdy.

Mundan başga-da, žurnaldaky “Türkmenistanyň kanunçylygy boýunça maşgala goraglylygynyň kepillikleri”, “Maglumat kanunçylygynyň ösüşiniň konstitusion esaslary”, “Döwlet ekologiýa seljermesi hakyndaky kanunçylygyň ösüşi” atly makalalar käbir ulgamlaryň hukuk esaslaryna bagyşlandy.

Neşiriň jemleýji “Senenama” bölüminde duşuşyklar, okuw maslahatlar, şol sanda abraýly halkara guramalaryň wekilleriniň sanly ulgam arkaly gatnaşmagyndaky geçirilen mejlisler we maslahatlar beýan edilýär.