2022-nji ýylyň 29-njy iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň gatnaşmagynda altynjy Hazar sammiti geçirildi.
Prezidentler dostlukly we ynanyşmak ýagdaýynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän möhüm meselelerini, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän derwaýys halkara we sebit meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna hem-de halkara hukugyň ýörelgelerine we kadalaryna eýerýändiklerini tassyklap, Hazar deňzi sebitiniň dünýäde artýan ornuny göz öňünde tutup, Hazarýaka döwletleriň sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny saklamaga, özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, ekologik howpsuzlygy üpjün etmäge, medeni-ynsanperwer, ylmy hem-de beýleki gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Prezidentler hemmetaraplaýyn özara bähbitli bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmegiň, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň çuň taryhy köklerini pugtalandyrmagyň kenarýaka ýurtlaryň halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigini, parahatçylyk hem-de howpsuzlyk işine hyzmat edýändigini kanagatlanmak bilen bellediler.
Hazar sammitleriniň yzygiderli häsiýeti Hazar deňzinde hyzmatdaşlyk etmegiň we sebitleýin ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemäge, bellenen maksatlary amala aşyrmak üçin umumy çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Sammitde Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşyklaryny geçirmek tejribesini mundan beýläk hem goldamak meýli tassyklanyldy.