TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK

BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ MERKEZI AZIÝA BOÝUNÇA SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komenda bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, şeýle hem ýurdumyz tarapyndan tassyklanan, Adam hukuklary babatda halkara konwensiýalarynyň, BMG-niň adam hukuklary boýunça Komitetleriniň jemleýji maslahatlarynyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň işi bilen bagly meseleler barada pikir alşyldy.