TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY WEKILHANASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň täze bellenilen ýolbaşçysy Mohammad Faýýazi bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Institut bilen ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreler we wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, duşuşykda Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilişini bahalandyrmak barada pikir alşyldy.