TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 8-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Hemişelik utgaşdyryjysy jenap Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar üstünlikli hyzmatdaşlygy kanagatlanma bilen bellediler we adam hukuklary babatynda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegini ara alyp maslahatlaşdylar. Şonuň bilen baglylykda, adam hukuklary boýunça milli meýilnamalary ýerine ýetirmekde BMG-niň tutýan ornunyň ähmiýeti bellenildi.

Şeýle hem, duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky durnukly ösüş çygrynda 2021-2025-nji ýyllar üçin Çarçuwaly Maksatnamanyň durmuşa geçirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.