TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ WEKILHANASY BILEN BILELIKDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA “TEGELEK STOL” MASLAHATLARYNY GEÇIRDI

DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ WEKILHANASY BILEN BILELIKDE ADAM HUKUKLARY BOÝUNÇA “TEGELEK STOL” MASLAHATLARYNY GEÇIRDI

2021-nji ýylyň 23-29-njy iýuly aralygynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny durmuşa geçirmekligiň möhüm ugurlary boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde hereket edýän Adam hukuklary boýunça maglumat merkezlerinde “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny durmuşa geçirmegiň möhüm ugurlary" atly “tegelek stol” maslahatlary geçirildi.

Onlaýn görnüşde geçirilen bu çärä ýurdumyzyň welaýat we şäher häkimliginiň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, hukuk goraýjy edaralaryň we adwokatlar kollegiýasynyň, şeýle hem jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri, maliýe edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Milli bilermenler maslahata gatnaşyjylara Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň wezipeleri we ileri tutulýan ugurlary bilen giňişleýin tanyşdyrdylar.