TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

HZG-NYŇ HALKARA ZÄHMET KADALARY MÜDIRLIGINIŇ DIREKTORY BILEN WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

HZG-NYŇ HALKARA ZÄHMET KADALARY MÜDIRLIGINIŇ DIREKTORY BILEN WIDEOARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 2-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory bilen Halkara Zähmet Guramasynyň Halkara zähmet kadalary Müdirliginiň direktory hanym Korin Warganyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistan bilen Halkara Zähmet guramasynyň arasynda ileri tutulýan hyzmatdaşlyk meseleleri hem-de Halkara Zähmet maslahatynyň 109-njy mejlisiniň we onuň Zähmet kadalaryny durmuşa geçirmek boýunça Komitetiniň netijeleri maslahatlaşyldy.

Şeýle hem, duşuşykda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynda Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.