Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 7-nji maýda geçirilen mejlisinde özüniň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitabyny tamamlandygyny aýtdy.
Bu kitapda döwlet Baştutanymyzyň Watanymyza, paýtagtymyza, mähriban halkymyza söýgüsiniň beýan edilendigini aýratyn nygtamak gerek.
Kitaby eliňe alan dessiňe, onuň sahypalaryny agdaryp, paýtagtymyzyň gözel görnüşlerini synlap, ony okamak, kitap bilen ýakyndan tanyşmak höwesi döreýär. Täze kitabyň ajaýyp mazmuny, bezelişi, çaphana işleriniň hem ýokary derejede ýerine ýetirilmegi onuň täsirliligini artdyrýar.
Kitapda ählimiziň söýgüli şäherimiziň üýtgeşik gözelligini açyp görkezýän fotosuratlar döredijilik duýgurlygy bilen saýlanyp alnypdyr, olar paýtagtymyzyň taryhyny, şu gününi we geljegini beýan edýär. Okyja Aşgabadyň dürli künjeginde gurulan mermer lybasly binalarynyň milliligiň inçelik bilen siňdirilen, milli öwüşginlere baý desgalaryny, awtomobil ýollaryny, seýilgähleri, ýaşyl zolaklary synlamaga giň mümkinçilik berilýär. Bu ajaýyplyklaryň ählisi soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredildi.
Täze kitap 6 bölümden ybarat bolup, ýeňil okalýar. Kitapda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzy ösdürmekde gazanylan üstünlikler hakynda jikme-jik gürrüň berilýär. Bu eseri okanyňda, milli Liderimiziň zehinine, häzirki zamanyň ösen şähergurluşyk ylymlaryndan baş çykaryp, iň täsin taslamalary hem ýokary netijelilik bilen durmuşa geçirmek ussatlygyna haýran galýarsyň.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitaby paýtagtymyzyň şanly 140 ýyllygy mynasybetli halkymyza beren ajaýyp peşgeşidir.