2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde “Türkmenistanyň Konstitusiýasy — adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň kepili” ady bilen utgaşykly görnüşde okuw maslahaty geçirildi. Oňa döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, welaýatlardaky Adam hukuklary boýunça maglumat merkezleriniň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hünärmenleri we bilermenleri gatnaşdylar. Çäre “Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek” atly taslamanyň çäklerinde BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan guraldy.
Maslahatyň gün tertibine Türkmenistanda adam hukuklarynyň konstitusion kepillikleri we olary amala aşyrmagyň gurallary, ýurdumyzyň bu babatda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň amala aşyrýan taslamalary bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumy girizildi.
Çykyşlarda Türkmenistanda adam hukuklary boýunça milli edaralaryň — Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň, Adalatçynyň diwanynyň üstünlikli işleýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Adam hukuklaryny üpjün etmek mowzugy ähli milli maksatnamalarda we meýilnamalarda öz beýanyny tapýar. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy” ýurdumyzyň bu ulgamdaky meseleleri çözmäge ygrarlydygynyň subutnamasydyr.
Düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy hem-de “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny amala aşyrmak boýunça 2018 — 2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanyň adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2020 — 2022-nji ýyllar üçin Milli meýilnamasynyň” durmuşa geçirilmegi netijesinde dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen uly üstünlikler gazanyldy.
Çykyşlarda ýurdumyzyň Konstitusiýasynda dünýä hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarynyň ileri tutulýan ugur hökmünde berkidilmeginiň döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamyna goşulyşmagy, deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda hyzmatdaşlyk etmegi üçin zerur hukuk binýadyny hem-de şertleri döredýändigi aýratyn nygtaldy.
Maslahatda Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleýin edaralary bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň soňky ýyllarynda demokratiýany we kanunyň hökmürowanlygyny pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary hem-de maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde oňyn tejribe toplandy.
Maslahatyň dowamynda döwlet dolandyryşyny özgertmekde sanlylaşdyrmagyň ähmiýeti, ýurdumyzda adam hukuklary babatda bilim bermegi ösdürmegiň häzirki zaman meýilleri, jemgyýetçilik birleşmeleriniň adam hukuklaryny üpjün etmekde eýeleýän orny barada-da çykyşlar diňlenildi.