TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

"TÜRKMENISTANDA ÇAGANYŇ HUKUKLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA 2018-2022-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNYŇ" NETIJELERI BOÝUNÇA TANYŞDYRYŞ ÇÄRESI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty BMG-niň Çagalar gaznasynyň ýurdumyzdaky wekilhanasy bilen bilelikde Türkmenistanda çaganyň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2018-2022-nji ýyllar üçin hereketleriň Milli meýilnamasynyň netijeleri boýunça tanyşdyrlyş çäresini geçirdi.

Çärä Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň Iş toparynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri gatnaşdylar.

Çäre Institut bilen UNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň çäklerinde guraldy.