TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

TÜRKMENISTANDA GENDER DEŇLIGI BOÝUNÇA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE DUŞUŞYK

TÜRKMENISTANDA GENDER DEŇLIGI BOÝUNÇA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ ÇÄKLERINDE DUŞUŞYK

2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasyndaky 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň çäklerinde utgaşdyrylan görnüşinde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen duşuşyk geçirildi.

Çäräniň dowamynda Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamany durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagyny ýokarlandyrmak we Aýallar babatda kemsitmeleriň ähli görnüşlerini aradan aýyrmak hakynda Konwensiýanyň ýerine ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi we welaýat Geňeşleriniň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň, Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, “Ýeňme”, “Aşgabadyň Ynam kluby”, “Keýik okara”, “Maşgala” jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň maýyplaryň merkezi bedenterbiýe-sport klubynyň wekilleri gatnaşdylar.