TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

TÜRKMENISTANYŇ DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI MYNASYBETLI YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli «Dialog – parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli sergi hem ýaýbaňlandyryldy.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary hem-de talyplary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň diplomatik işgärleriniň adyna iberen gutlagy okaldy. Onda türkmen diplomatlary döwletimiziň bitaraplyk hukuk derejesine eýerip, halkara giňişliginde ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýandyklary barada beýan edildi.

Çäräniň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, ABŞ-nyň Türkmenistandaky Ilçisi Metýu Stiwen Klimou, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Sýan Naýçen we Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Golamabbas Arbabhales, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew we Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň rektory E.Aýdogdyýew çykyş etdiler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa bu ylmy maslahata gatnaşyjylaryň adyndan Ýüzlenme kabul edildi, onda ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işine uly goldaw berýändigi üçin öz hoşallyklaryny bildirdiler.