2021-nji ýylyň 3-4 awgustynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty Ýewropa Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky Merkezi bilen bilelikde “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde goldaw bermek” atly taslamanyň çäklerinde sanly wideoaragatnaşyk arkaly “tegelek stoly” maslahatyny gurady.
Çäräniň maksady ÝHHG bilen bilelikde ýerine ýetirilýän ýyllyk meýilnamasynyň çäklerinde milli habar beriş serişdeleriniň we degişli döwlet edaralarynyň wekilleriniň adam hukuklary babatda hünär derejesini ýokarlandyrmak bilen bagly tejribe alyşmak.
Maslahatyň dowamynda halkara bilermenleri Bunafşa Gulakowa we Mamuka Andguladze köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen baglanyşykly öňdebaryjy tejribeleri bilen giňişleýin tanyşdyrdylar.