TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

"TÜRKMENISTANDA ÇAGALARYŇ HUKUK GORAGLYLYGY" ATLY ÝYGYNDY NEŞIR EDILDI

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan  BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýardam etmeginde "Türkmenistanda çagalaryň hukuk goraglylygy" atly ýygyndy neşir edildi.

Ýygyndy çagalar babatdaky milli kanunçylygy we Türkmenistanyň gatnaşyjy bolup durýan halkara hukuk resminamalaryny öz içine alýar.

Ýygyndy çagalaryň hukuklary babatda milli kanunçylygyň we halkara resminamalaryň kadalary hakynda hukuk bilimlerini has giňden ýaýratmaga we ýurdumyzyň jemgyýetçiliginiň habarlylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.