TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

“TÜRKMENISTANDA GENDER DEŇLIGI BOÝUNÇA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNYŇ” ÇÄKLERINDE TEGELEK STOL MASLAHATLARY

“TÜRKMENISTANDA GENDER DEŇLIGI BOÝUNÇA 2021-2025-NJI ÝYLLAR ÜÇIN HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNYŇ” ÇÄKLERINDE TEGELEK STOL MASLAHATLARY

2024-nji ýylyň 7-nji maýy 6-njy iýuny aralygynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty, BMG-niň Ilat gaznasy (UNFPA) we ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde hereket edýän adam hukuklary boýunça maglumat merkezlerinde Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi babatda “tegelek stol” maslahatlary geçirildi.

Bu maslahatlara Türkmenistanyň Mejlisiniň, Aşgabat şäher we welaýat häkimlikleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Bilim, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Içeri işler ministrlikleriniň hem-de bu ministrlikleriň welaýatlardaky müdirlikleriniň, hukuk goraýjy edaralarynyň we adwokatlar kollegiýalarynyň, şeýle hem Zenanlar birleşiginiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we welaýat birleşikleriniň, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çärä gatnaşyjylar milli we halkara bilermenler bilen bilelikde Aýallar babatda kemsitmäniň ähli görnüşlerini ýok etmek hakyndaky Konwensiýanyň kadalarynyň ýerine ýetirilişi boýunça taýýarlanýan nobatdaky Milli hasabaty boýunça özara pikir alyşdylar we ýurdumyzyň bu ugurdaky halkara borçnamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.