TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

ADMINISTRATIW IŞLER BOÝUNÇA KAZYLAR ÜÇIN V SEBITLEÝIN MASLAHAT

ADMINISTRATIW IŞLER BOÝUNÇA KAZYLAR ÜÇIN V SEBITLEÝIN MASLAHAT

2023-nji ýylyň 4-5-nji sentýabrynda Aşgabatda administratiw işler boýunça kazylar üçin V sebitleýin maslahat geçirildi. Oňa Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kazyýet ulgamynyň wekilleri we halkara bilermenler gatnaşdylar. Maslahatyň temasy – “Administratiw işleriň kazyýete degişliligi we administratiw hak islegleriň görnüşleri”.

Adamyň we raýatyň konstitusion hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramak, adyl kazyýetliligi üpjün etmek hukuk döwletiniň esasy wezipesidir. Adam hukuklarynyň kazyýet goraglylygynyň esasy görnüşleriniň biri-de bu administratiw işler boýunça adyl kazyýetlik bolup, ol döwlet gullukçylarynyň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň işlerinde kanunylyk ýörelgesiniň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin niýetlenendir.

Maslahat Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly Sebitleýin maksatnamasy, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen bilelikde gurnaldy.

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ýagmyr Nuryýew öz çykyşynda, maslahatyň temasynyň kazylar we ähli hukukçylar üçin wajypdygyny aýratyn belläp geçdi, sebäbi häzirki wagtda administratiw nama, administratiw önümçilik we adminstratiw-iş ýörediş fiziki we ýuridiki şahslaryň hukuklaryny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler ulgamynda möhüm orny eýeleýär.

Şundan ugur alyp, ýurdumyz administratiw kanunçylygy yzygider kämilleşdirýär. 2017-nji ýylyň 3-nji iýunynda kabul edilen “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzyň raýatlary bilen döwlet edaralarynyň arasynda netijeli we häzirki zaman hukuk gatnaşyklaryny ýola goýmakda möhüm ähmiýete eýedir. 

2020-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Administratiw iş ýörediş Kodeksi tassyklandy we 2021-nji ýylyň 1-nji iýulyndan herekete girizildi. 2022-nji ýylyň 24-nji iýulynda “Elektron hökümet hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Şonuň esasynda hem, ilata hyzmat edýän döwlet edaralarynyň işine sanly tehnologiýalar girizilýär.

Şeýle hem, maslahatda birnäçe nazary we amaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we umumy jedellerden soň duşuşygyň jemi jemlendi, ähli gatnaşyjylar maslahatlaryň örän peýdaly geçendigini bellediler.