TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara forum geçirildi

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara forum geçirildi

2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar.

 

Prezident Serdar Berdimuhamedow hemmeleri Türkmenistanda parahatçylyk we ynanyşmak forumyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çärelerine gatnaşýandygy üçin Türkmenistanyň halkynyň adyndan mähirli gutlady.

Bellenilişi ýaly, bu foruma iri, halkara ähmiýetli waka hökmünde garalýar. Oňa sebit, yklym we ählumumy işler barada oýlanmak, halkara syýasatda parahatçylyk, hyzmatdaşlyk, deňhukuklylyk, ynanyşmak, adalatlylyk, dialog medeniýeti hem-de özara düşünişmek ýagdaýlarynyň ykrar edilmegi üçin badalga nokady hökmünde seredilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow bu forumyň geçirilmeginiň dünýä syýasatynda kadalary, gymmatlyklary we ölçegleri ykrar etmek hem-de berkitmek boýunça Türkmenistanyň köpýyllyk yzygiderli işiniň netijesidigini belledi.

 

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça birnäçe ýyl mundan ozal BMG-niň çäginde Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem munuň bir mysalydyr.

Şoňa görä-de, biz Bitaraplygyň üýtgewsiz gurluş däl-de, döwür bilen aýakdaş gidýän hem-de täze üýtgeşmelerdir meýillere seslenýän janly döredijilik ýagdaýydygyny hemişe belleýäris. diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Plenar mejlisde Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan,  Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan, Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşid, San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa, Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarif,  Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidze, Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadow, Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlamini, Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So çykyş etdiler.

 

Arakesmeden soňra, plenar mejlis türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna işjeň gatnaşýandyklary üçin çuňňur minnetdarlyk bildirdi. Bu möhüm syýasy çärä gatnaşyjylaryň giň wekilçilikli düzümi Türkmenistana goýulýan hormatyň hem-de ynamyň, ýurdumyzyň halkara syýasatdaky oňyn ornunyň, ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşandynyň ykrarnamasydyr.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda dünýä dürli ýagdaýlar bilen baglanyşykly çylşyrymly döwri başdan geçirýär. Şunda ähli jogapkärli, sagdyn, parahatçylyk söýüji güýçleriň jebisleşmegi, olaryň agzybirligi hem-de çylşyrymly ýagdaýlara, howpsuzlygyň ählumumy arhitekturasynyň bozulmagyna howp salýan wehimlere garşy durmaga taýýarlygy ozalkylardan has zerurdyr.

Häzirki wagtda biz dünýäniň geljegi üçin jogapkärdiris diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şunda, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasyny göz öňünde tutýandygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň nygtaýşy ýaly, köptaraplaýyn kanunylyga hem-de ygtyýarlylyga eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde BMG-niň mümkinçiliklerini peýdalanmak zerurdyr.

Parahatçylyk we ynanyşmak esasynda hyzmatdaşlyk BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen, ykrar edilen syýasy-hukuk esaslarynyň, anyk we aýdyň ýörelgeleriň bolmagyndan, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, özygtyýarlylyk, beýleki döwletleriň içerki işlerine goşulyşmazlyk taglymlaryndan ugur alýar. Bu ýörelgelere eýermek parahatçylygy gorap saklamagy, hereketleriň anyklygyny üpjün eder, birek-birek bilen söhbetdeşlik medeniýetiniň sütünini täzeden gurmaga mümkinçilik berer.

Gyzyklanma bildirýän döwletlerdäki hem-de halkara guramalardaky hyzmatdaşlar bilen bilelikde parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň howandarlygynda geljegi uly täze hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” işläp taýýarlamagy teklip edýäris. Bu başlangyjyň many-mazmunyny hem-de guramaçylyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Türkmenistan gün tertibiniň ählumumy, sebit we ikitaraplaýyn meselelere ähli çemeleşmelerini, başlangyçlaryny hem-de hereketlerini öz hemişelik Bitaraplyk derejesi bilen berk baglanyşdyrýar diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni dowam etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa, BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzä, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hana, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçana, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýewe, Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary Sin Suýa, Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malige söz berdi.

 

Türkmen halkynyň Milli Lideri foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň çykyşlarynda häzirki tapgyrdaky halkara hyzmatdaşlyga giňişleýin seljerme berlendigini, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, dünýä bileleşiginiň köpugurly tagallalaryny birleşdirmek babatda onuň ähmiýetiniň nygtalandygyny aýtdy.

Bu forumyň esasy aýratynlygy onuň açyklygydyr hem-de maslahata gatnaşyjylaryň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini bilelikde gözlemäge taýýarlygydyr, olaryň dürli pikirleri kabul etmäge ukyplylygydyr, taraplaryň delillerine we subutnamalaryna hormat goýmagy başarýandyklarydyr.

Wekiliýetleriň ýolbaşçylarynyň we agzalarynyň çykyşlary, giň ugurlar boýunça geçirilen pikir alyşmalar biziň ählimiziň esasy, hakyky hem-de dolanuwsyz umumy düşünjäniň — dünýäniň ähli halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän howpsuzlygyň we ösüşiň bitewi, bölünmeýän ulgamyny döretmegiň zerurlygy bilen birleşendigimizi tutuş aýdyňlygy bilen görkezdi diýip hasap edýärin diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri forumy jemläp, Aşgabat forumynyň, onuň emele getiren döredijilikli başlangyçlarynyň geljekki bilelikdäki işlere ýardam etjekdigine, parahatçylygyň we adamzadyň ösüşiniň bähbidine anyk netijeleri berjekdigine ynanýaryn diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň we halkynyň adyndan ähli wekiliýetlere foruma gatnaşandyklary, manyly çykyşlary hem-de başlangyçlary üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýetip gelýän täze – 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy ýapyk diýip yglan etdi.

Forumda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleri goldanyldy.

Jemleýji resminama hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.