TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ «BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ OÝUNLARY» ATLY KARARNAMASY KABUL EDILDI

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ «BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ OÝUNLARY» ATLY KARARNAMASY KABUL EDILDI

2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 107-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň başlangyjy bilen gün tertibiniň «Sport ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna: sport we olimpiýa asylly ýörelgeleri arkaly parahatçylygy berkitmek we has bagtyýar durmuşy gurmak» atly 11-nji bendiniň esasynda hödürlenen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasyna seredildi we kabul edildi.

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa Kararnamany hödürlemek bilen, onuň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan sport diplomatiýasyny BMG-niň meýdançasynda durmuşa geçirmek üçin berk platformany döretmäge gönükdirilendigini belledi.

Çykyşyň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň aprel aýynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlarynyň BMG-niň agza ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň we BMG-niň Sekretariatynyň wekilleriniň arasynda özara hormat goýmak, ynam we hyzmatdaşlyk ruhuny özünde jemländigine, şeýle hem köpçülik aňynda berkleşen garaýyşlary ýeňip geçmekde, köptaraplaýyn dialogy we geçirimliligi güýçlendirmekde sportuň özgerdiji güýjüni aýdyň görkezendigine aýratyn üns çekildi.

«Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasynyň taslamasy ähli konstruktiw teklipler göz öňünde tutulup, BMG-niň agza ýurtlary bilen geçirilen geňeşmeleriň netijesinde taýýarlanyldy.

Kararnama BMG-niň oýunlarynyň her ýyl geçirilmegini düzgünleşdirýär, şeýle hem indiki oýunlary 2025-nji ýylyň aprelinde geçirmek we taýýarlyk işlerini alyp barmak boýunça Guramaçylyk komitetiniň hem-de Trast gaznasynyň döredilmegini göz öňünde tutýar.

Kararnama 87 döwletiň awtordaşlyk etmeginde biragyzdan kabul edildi.