TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasy geçirildi

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasy geçirildi

2024-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Ženewa şäherinde Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň Maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň 75-nji sessiýasyna gatnaşdy.

BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissary Filippo Grandi öz çykyşynda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynyň raýatsyzlygy ýok etmek ugrundaky tagallalaryna ýokary baha berdi.

Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew birinji bölümçede çykyş etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda ýurdumyzda raýatsyzlygy ýok etmek boýunça maksatnamanyň tamamlanandygy bellenildi.

Bölümçäniň çäginde çykyş etmek bilen Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy Amanmuhammet Sazakow jemi 32 müňden gowrak adama Türkmenistanyň raýatlygynyň we 5 müňden gowrak adama ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň berlendigini nygtady. Bu bolsa adam hukuklaryny goramakda we halkara hukugyny berjaý etmekde Türkmenistanyň ygrarlylygyny görkezýär.