2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşykda, Institut bilen BMG-iň Ösüş Maksatnamasynyň arasyndaky “Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek” atly Taslama resminamasynyň ýerine ýetirilişi we onuň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň we wezipeleriň durmuşa geçirilişi barada pikir alşyldy.
Şeýle hem, BMGÖM bilen 2023-nji ýylda geçirilmegi göz öňünde tutulan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.