TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

BMG-NIŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik utagaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda adam hukuklary babatynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň düzümleri bilen 2023-nji ýylda ýerine ýetirilmeli wezipelere we çärelere garaldy.

Şeýle hem, Adamyň hukuklarynyň Ählumumy jarnamasynyň 75 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.