TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARY BOÝUNÇA IŞ TOPARYŇ MASLAHATY

DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARY BOÝUNÇA IŞ TOPARYŇ MASLAHATY

2023-nji ýylyň 13-15-nji fewralynda BMG-niň Aşgabat şäherindäki binasynda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň bilelikde gurnamagynda Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda ornaşdyrylmagy boýunça Iş toparynyň nobatdaky maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekili hem gatnaşdy. Maslahatda ýurdumyzyň ikinji meýletin milli synynyň taýýarlyk işleri bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we bu babatda halkara bilermeniň maslahatlary öwrenildi.