2024-nji ýylyň 5-23-nji awgusty aralygynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň BMG-niň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde saglygy goraýyş, durmuş we hukuk goraýjy şeýle hem pudak-edaralarynyň wekilleri üçin institutyň hem-de BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllar üçin “Gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmegiň” Iş Meýilnamasy esasynda ýörite maslahatlar geçirildi.
Maslahata gatnaşyjylar Maşgalada zenanlaryň hukuklarynyň goralmagy bilen bagly işleri geçirmek boýunça gollanmalar hem-de okuw maglumatlar bilen tanyşdyryldy.
Bu maslahatlara Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Saglygy goraýyş we dermen senagaty, Içeri işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň we olaryň welaýat müdirlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.