2025-nji ýylyň 28-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktorynyň kömekçisi, Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin direktory hanym Beate Andersiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň netijeleri we geljekki ugurlary barada maslahatlaşmalar geçirildi. HZG-nyň wekillerine Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli Meýilnamasynyň, Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin hereketleriň milli Meýilnamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy. Esasan hem zähmet gatnaşyklary çygrynda çagalaryň zähmetine we mejbury zähmete ýol bermezlik ugrunda geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygy bellenildi.
Adam hukuklary çygryndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigi, Halkara Zähmet Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň oňyn netijelere beslenýändigini taraplar nygtadylar we hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.