TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW ŞHG-ä AGZA DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW ŞHG-ä AGZA DÖWLETLERIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISINE GATNAŞDY

2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisine gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň bu gezekki mejlise hormatly myhman hökmünde çagyrylmagy Watanymyzyň halkara giňişlikde barha artýan abraýynyň, ýurdumyzyň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşdäki netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça başlangyçly çykyş edýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Liderleriniň şu günki duşuşygynda bu guramanyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi, işiň ileri tutulýan esasy ugurlary kesgitlenildi, beýleki döwletler we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk, sebit we ählumumy gün tertibiniň has möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu gezekki sammit “Howpsuz ŞHG ýolunda” (Towards a SECURE SCO) mowzugy boýunça geçýär. Iňlisçe “SECURE” diýen gysgaldylan adalgany ŞHG-niň 2018-nji ýylda geçirilen ýokary derejeli duşuşygynda Narendra Modi teklip edipdi. Şunda S harpy raýatlaryň howpsuzlygyny (security for citizens), E ykdysady ösüşi (economic development), C sebit gatnaşyklaryny (connectivity in the region), U agzybirligi (unity), R döwlet Garaşsyzlygyna we çäk bitewüligine hormat goýmagy (respect of sovereignty and integrity), E harpy bolsa daşky gurşawy goramak (environment protection) diýmegi aňladýar.

Duşuşyga ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlary gatnaşdylar. Sammite synçy döwletleriň Liderleri hökmünde Eýranyň, Belarusuň we Mongoliýanyň Prezidentleri, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly myhman hökmünde çagyryldy. Şeýle hem mejlise bu guramanyň hemişelik hereket edýän iki edarasynyň, birnäçe halkara we sebit düzümleriniň ýolbaşçylary goşuldylar.

Sammitiň jemleri boýunça Nýu-Deli Jarnamasy we beýleki birnäçe resminamalar kabul edildi.

Umuman, ŞHG-ä agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň 23-nji mejlisinde biziň ýurdumyzyň öňe süren oňyn başlangyçlary sebit we sebitara derejede özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine, taryhy taýdan emele gelen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylmagyna gönükdirilendir.