TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

MILLI UMUMY DÖWÜRLEÝIN HASABATYŇ TASLAMASY BOÝUNÇA OKUW MASLAHAT

MILLI UMUMY DÖWÜRLEÝIN HASABATYŇ TASLAMASY BOÝUNÇA OKUW MASLAHAT

2023-nji ýylyň 7-11-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) arasyndaky “Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmek” atly taslamasynyň çäklerinde milli umumy döwürleýin hasabatyň taslamasyny taýýarlamak boýunça maslahat geçirildi.  

Maslahata Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň iş toparynyň agzalary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, milli bilermenler we halkara bilermen Tomas Baranowas gatnaşdylar.

Milli umumy döwürleýin hasabat ýurdumyzyň adam hukuklary boýunça halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegine şeýle hem, Durnukly ösüş çygrynda 2030-njy ýyla çenli niýetlenen Ählumumy Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine ýardam eder.