2024-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Daşary işler ministrliginde ýurdumyzyň Mejlisiniň, birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilişini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Gün tertibine laýyklykda, toparyň 2023-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy hem-de “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylda öňde goýlan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlise gatnaşyjylar adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny durmuşa geçirmek babatda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça öňde duran wezipeleriň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň kanunçylygy milli tejribeden we däplerden ugur alnyp, halkara hukugyň kadalaryny nazara almak esasynda yzygiderli kämilleşdirilýär.
Hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda çykyş edenler raýatlaryň kanuny bähbitleriniň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda goralmagynyň Bitarap Watanymyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bellediler. “Türkmenistanda adam hukuklary boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda gender deòligi boýunça 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023 – 2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” yzygiderli durmuşa geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Şunda BMG-niň düzümleri we beýleki halkara guramalar bilen bilelikde maksatnamalary, taslamalary amala aşyrmagyň netijesinde gazanylan üstünliklere aýratyn üns çekildi.
Şeýle hem mejlisiň çäklerinde bu düzümiň 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna, “Türkmenistanda halkara ynsanperwer hukugyny ornaşdyrmak babatda 2024 – 2026-njy ýyllar üçin iş meýilnamasynyň” taslamasyna garaldy.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda” adam hukuklaryny üpjün etmegiň we raýat jemgyýetini ösdürmegiň wajyp şerti hökmünde adam maýasynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen wezipeleriň kesgitlenendigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň – Adalatçynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmegiň möhümdigi nygtaldy. Çykyş edenler döwlet edaralarynyň adam hukuklarynyň üpjün edilmegi ulgamyndaky işleriniň kämilleşdirilmeginiň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, durmuş ulgamyna sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň, kiçi we orta telekeçiligiň ösdürilmeginiň netijesinde, ilatyň intellektual ukyplaryny amala aşyrmak üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler. “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň wagyz edilmegine, olaryň watançylyk, zähmetsöýerlik, ýokary ahlaklylyk we raýat jogapkärçiligi ruhunda terbiýelenmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Milli kanunçylygy halkara hukugyň kadalary bilen utgaşdyrmak boýunça teklipleri taýýarlamak pudagara toparyň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hasabat döwründe geçirilen çäreleriň ýurdumyzyň adam hukuklary we azatlyklary babatda kanunçylyk binýadyny döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmäge gönükdirilendigi bellenildi. Bu ulgamda döwletimiz tarapyndan tassyklanan konwensiýalary we Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça Milli hasabatlary taýýarlamak, olary Birleşen Milletler Guramasynyň degişli komitetlerine ibermek toparyň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Şunda Türkmenistanyň adam hukuklaryny üpjün etmek we ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek babatda gazanan üstünliklerine üns çekildi. Mejlisde degişli döwürde ilatyň hukuk bilimliligini ýokarlandyrmak, hukuk maglumatlaryna elýeterliligi giòeltmek meselelerine uly üns berlendigi nygtaldy.
Toparyň şu ýyl üçin iş meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde adam hukuklaryny goramak babatda iň gowy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, halkara bilermenleriň gatnaşmagynda maslahatlary, iş duşuşyklaryny, geňeşmeleri geçirmegiň zerurdygy bellenildi.
Mejlisde başga-da birnäçe meselelere garaldy.