TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Pudagara toparyň mejlisi

Pudagara toparyň mejlisi

2024-nji ýylyň 6-njy aprelinde Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň adam hukuklary we halkara ynsanperwer hukugy babatda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşdylar. Gün tertibine laýyklykda 2024-nji ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, “Türkmenistan adam hukuklary boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny”, “Türkmenistanda çagalaryň hukuklaryny durmuşa geçirmek boýunça 2023-2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasyny, amala aşyrmak bilen baglanşykly meseleler girizildi.

 Mejlisiň dowamynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 9-njy fewralynda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen pudagara topar tarapyndan BMG-niň beýleki halkara guramalaryň düzüm bölümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde milli tejribäni we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlandygy bellenildi. Mejlisde BMG-niň Adam hukuklary boýunça komitetiniň raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak babatda jemleýji maslahatlaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda Adalatçynyň diwanynyň gurluşynda işiň täze ugurlaryny açmak bilen baglanşykly meselelere seredildi. Nygtalşy ýaly, bu ugurda degişli işleriň geçirilmegi  Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekiliň mümkinçiliklerini pugtalandyrmaga, hukuk goraýjy mehanizmleri mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam berer.

Çykyşlarda BMG-niň düzüm bölümleri we beýleki abraýly guramalar bilen bilelikde amala aşyrylýan işlerde zähmet gatnaşyklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guramaga gönükdirilen toplumlaýyn çärelere aýratyn ähmiýet berildi. Şunuň bilen baglylykda, Halkara zähmet guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň birnäçe halkara reminamalaryna goşulmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Halkara zähmet guramasy bilen bilelikdäki çäreleriň 2024-2025-nji ýyllar üçin “Ýol kartasynyň” taslamasy barada pikir alyşmalaryň çäklerinde bu resminamada bellenen wezipeleriň möhümdigine üns berildi. Nygtalşy ýaly, Häzirki döwürde Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy tarapyndan kepillendirilen raýatlaryň zähmet çekmäge bolan konstitusion hukuklaryny durmuşa geçirmek üçin zerur durmuş we hukuk şertleriniň döredilmegine, durnukly ykdysady ösüşiň gazanylmagyna, halkyň hal-ýagdaýynyň  ýokarlandyrylmagyna, işgär bilen iş berijiniň arasynda durmuş hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine uly üns berilýär.

Ilatyň hukuk sowatlylygyny artdyrmak, hukuk maglumatynyň elýeterliligini giňeltmek boýunça pudagara toparyň öňünde durýan möhüm wezipeler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Adam hukularyny goramak babatda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmek maksady bilen, halkara bilermenleriň gatnaşmagynda yzygiderli esasda maslahatlary, iş duşuşyklaryny, geňeşmeleri geçirmegiň möhümdigine üns berildi.

Pudagara toparyň mejlisinde başgada birnäçe meselelere garaldy.