2023-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly Sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine ylmy-amaly düşündirişleri işläp taýýarlamak boýunça iş topary bilen maslahat geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary kazyýetiniň, Adalat ministrliginiň, Adwokatlar kollegiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri we halkara bilermenler gatnaşdylar.
Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kodeksine ylmy-amaly düşündirişler halkara bilermenler bilen bilelikde taýýarlanylýar we kodeksiň nazaryýet, tejribe esaslaryny özleşdirmekde peýdaly bolar.