TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

RAÝAT IŞ ÝÖREDIŞ KODEKSINE YLMY-AMALY DÜŞÜNDIRIŞLERI TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA IŞ TOPARYŇ MASLAHATY GEÇIRILDI

RAÝAT IŞ ÝÖREDIŞ KODEKSINE YLMY-AMALY DÜŞÜNDIRIŞLERI TAÝÝARLAMAK BOÝUNÇA IŞ TOPARYŇ MASLAHATY GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada hukuk döwlet gurluşyna ýardam” atly Sebitleýin maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine ylmy-amaly düşündirişleri işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Ýokary kazyýetiniň, Adalat ministrliginiň, Adwokatlar kollegiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri şeýle hem sanly wideoragatnaşyk arkaly halkara bilermenler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine ylmy-amaly düşündirişler halkara bilermenler bilen bilelikde taýýarlanylýar we kodeksiň nazaryýet, tejribe esaslaryny özleşdirmekde peýdaly bolar.

Düşündirişler kazylar, prokuratura edaralarynyň işgärleri, adwokatlar, hukuk gulluklarynyň hünärmenleri, aspirantlar, hukuk we ykdysady ugurlary boýunça bilim alýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mugallymlary, şeýle hem raýat iş ýörediş hukugy bilen gyzyklanýan beýleki okyjylar köpçüligine niýetlenilýär.