TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkeziniň mejlisler jaýynda “Magtymguly Pyragynyň arzuwlan berkarar döwletinde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk halkara ösüş taglymaty, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Bitaraplyk ýoly bilen beýik geljege tarap” atly maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler dana şahyryň arzuwlan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler barada durup geçdiler. Şeýle hem, halkymyzyň röwşen geljegi, bagtyýar durmuşy ugrunda ägirt uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çäksiz hoşallyklaryny beýan etdiler.