TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ IŞ TOPARYNYŇ MASLAHATY

TÜRKMENISTANYŇ ADAM HUKUKLARY BABATDA HALKARA BORÇNAMALARYNYŇ WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGINI ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ IŞ TOPARYNYŇ MASLAHATY

2024-nji ýylyň 11-12-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň Iş toparynyň maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyna girýän ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda aýallar babatynda  kemsitmeleri ýok etmek hakyndaky Komitetiň jemleýji netijenamalary ara alyp maslahatlaşyldy.