2024-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy: geljegiň hatyrasyna bilelikdäki işler” atly Bilelikdäki maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik korpusyň, ÝB-niň maksatnamalarynyň we taslamalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Umumy mejlisiň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakala çykyş etdiler. Çykyş edenler Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň sazlaşykly ösüşe eýe bolýandygyny, soňky ýyllarda onuň okgunly häsiýete eýedigini bellediler. Bilim, howpsuzlyk çygryndaky hyzmatdaşlyk, howanyň üýtgemegi, ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, energetika , sanly ykdysadyýet, suw serişdelerini dolandyrmak we söwda hyzmatdaşlygyň geljeginiň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Umumy mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň “Türkmengaz” döwlet konserniniň we Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekişmek dabarasy geçirildi.
Maslahat öz işini bilim, söwda, howpsuzlyk we ýaşyl ykdysadyýet ýaly ugurlarda üstünlikli alnyp barylýan hyzmatdaşlyk taslamalaryna bagyşlanan bölümçelerde dowan etdirdi.
Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistan bilen ÝB-niň arasyndaky 30 ýyllyk hyzmatdaşlyga bagyşlanan sergi ýaýbaňlandyryldy.