2026-njy ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Zenanlara garşy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek boýunça komitetiň (CEDAW) maslahatlaryny, şeýle hem gender deňligini üpjün etmek babatda Ählumumy döwürleýin synyň maslahatlaryny ýerine ýetirmek meselelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, CEDAW Komitetiniň başlygynyň orunbasary Marianna Mikko, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Adalatçynyň diwanynyň, ýurduň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň müdirliginiň we ÝUNFPA-nyň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatda Türkmenistanyň zenanlaryň hukuklary we gender deňligi ulgamyndaky halkara borçnamalaryna yzygiderli ygrarlydygy nygtaldy. Şeýle hem 2024-nji ýylyň fewralynda CEDAW Komiteti bilen geçirilen netijeli gepleşikleriň jemleri boýunça işlenip düzülen maslahatlara zenanlaryň hukuklaryny goramagyň milli ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmekde möhüm amaly gollanma hökmünde garalýandygy bellenildi.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar CEDAW-yň maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça amaly ädimleri, zenanlaryň hukuklaryny goramagyň milli mehanizmlerini kämilleşdirmegi hem-de pudagara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. CEDAW Komitetiniň maslahatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işlenip taýýarlanan Ýol kartasyna, şeýle hem 2026-2030-njy ýyllar üçin gender deňligini üpjün etmek boýunça Hereketleriň milli meýilnamasynyň nobatdaky tapgyryny durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.
Maslahatyň jemleri boýunça halkara guramalar bilen yzygiderli dialogy dowam etdirmegiň hem-de zenanlar bilen erkekleriň deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün etmek babatda milli hukuk we institusional binýady kämilleşdirmek üçin halkara tejribäni ulanmagyň möhümdigi tassyklandy.