Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň hem-de Adalatçynyň diwanynyň bilelikde guramaklarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň binýatlaýyn esasydyr” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahata ýurdumyzyň kazyýet edalarynyň kazylary, kazyýet işgärleri, Adalatçynyň diwanynyň we ylmy edaralaryň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Garaşsyzlyk baýramynyň dabaraly bellenýän günleriniň öň ýanynda geçirilen bu ylmy-amaly maslahat, örän netijeli we işjeň häsiýete eýe bolmak bilen, maslahatda beýan edilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy netijesinde ýurdumyzda milli hukuk ulgamynyň ösüşiniň we Türkmenistanyň kazyýet hakyndaky kanunçylygynyň ösüşiniň gazananlary we ýeten derejeleri, kazyýet ulgamynyň işgärlerini has-da guwandyrdy hem-de olaryň jogapkärçilikli işleriniň has-da öňe gitmegine oňyn täsirini ýetirdi.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyzlygymyzyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen beýik başlangyçlaryň netijesinde ýurdumyzda uly üstünlikler gazanylýandygyny, döwlet Garaşsyzlygy türkmen halkynyň ykbalynda täze bir sahypany açmak bilen, geljegini özbaşdak kesgitlemäge giň mümkinçilikleri döredendigini, halkymyzyň ynsanperwerlik, döwletlilik, deňhukuklylyk, adalatlylyk ýaly mizemez gymmatlyklarynyň, milli ruhuň döredijilikli ösüşiniň has-da rowaçlanmagyna itergi berendigini, Garaşsyzlygyň 34 ýyllyk taryhy döwründe raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we bähbitlerini gyşarnyksyz üpjün edýän demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň berk binýady tutulandygyny, aýratyn nygtap geçdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamlaryň we raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň döwrebap şertlerde netijeli goralmagy üçin taýsyz tagallalar edýän we ähli mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözleri dabaraly maslahatda belentden ýaňlandy!