TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Türkmenistanyň Prezidenti Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Sukuba uniwersitetiniň hormatly doktory boldy

Ýaponiýa resmi saparynyň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurduň iň belli uniwersitetleriniň biri – Sukuba uniwersitetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy.

Söhbetdeşlikde taraplar bilim-ylym ulgamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem akademiki alyş-çalyşyň we bilelikdäki ylmy taslamalaryň ähmiýetine ünsi çekdiler. Wodorod energiýasy bilen baglanyşykly “ýaşyl” we IT tehnologiýalary pudagynda häzirki zaman gözlegleriň beýleki ugurlary gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşylan ugurlaryň biri boldy.

Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu sapary bilim ulgamynda ýola goýlan gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem ol türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Öz gezeginde, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary şol sanda bilim we ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berýändigini belledi. Bu nukdaýnazardan, döwlet Baştutany halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmekde akademiki alyş-çalyşlaryň aýratyn ornuny belläp geçdi.

7-nji aprelde Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Sukuba uniwersitetiniň arasynda – geljekdäki energiýa geçişiniň esasy ugurlaryndan biri bolan wodorod energiýasy boýunça bilelikdäki ylmy barlaglar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama çekişilmegi möhüm ädimleriň biri boldy. Bu bolsa iki ýurduň innowasiýa we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara bolan gyzyklanmasyny ýene bir gezek tassyklaýar we iki ýurduň ylmy taýdan ileri tutulýan ugurlaryny görkezýär.

Uniwersitetiň Prezidenti hyzmatdaşlygyň binýadynyň türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan goýlandygyny we soňky ýyllarda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi

Duşuşygyň dowamynda Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasynda bilim-ylym ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Sukuba uniwersitetiniň "Filosofiýa ylymlarynyň hormatly doktory" akademiki derejesi berildi.

Dabaraly ýagdaýda döwlet Baştutanyna bilim-ylym pudagynda döwletara gatnaşyklarynyň ösmegine goşan goşandyna çuňňur hormat goýmagyň nyşany hökmünde degişli diplom gowşuryldy.

Şeýlelik bilen, Serdar Berdimuhamedowyň Sukuba uniwersitetine bolan sapary türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň ynsanperwer ugrunyň möhüm bölegine öwrüldi.