2025-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Pekin jarnamasynyň we Hereketleriň platformasynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen «2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň ýerine ýetirilmegine çenli 5 ýyl: Merkezi Aziýanyň geljegi» atly ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşdy. Wekilýetiň düzüminde Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň esasy ylmy işgäri E.Çaryýewa hem maslahata gatnaşdy we çykyş etdi.
E.Çaryýewanyň çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň halkara borçnamalaryny pugta berjäý edýändigi, milli kanunçylyga halkara hukuk kadalarynyň ornaşdyrylýandygy barada mysallar getirildi. Munuň özi, zenanlaryň we erkekleriň deň hukuklaryny we mümkinçiliklerini üpjün edýär.
Çärä Merkezi Aziýa ýurtlarynyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, şol sanda gender deňligi meselelerine ýöriteleşen hünärmenler gatnaşdy.
Ýokary derejedäki duşuşygyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýokary derejeli wekilleri we beýleki möhüm taraplar üçin DÖM-i we Durnukly ösüş boýunça 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibini durmuşa geçirmekde ösüşi çaltlaşdyrmak üçin meýdançany döretmekden ybarat boldy.
Bu ugurda gazanylan esasy üstünlikleriň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan degişli halkara konwensiýalarynyň düzgünlerini ýerine ýetirýän «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Kanunynyň kabul edilendigi bellenildi.
Ýokary derejedäki duşuşyk oňa gatnaşyjylara Pekin +30 Sebit syny, Merkezi Aziýada DÖM 5 boýunça gazanylan ösüş we gender deňligini maliýeleşdirmek ýaly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.