TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

TÜRKMENISTANYŇ ÝENE-DE BIR MÖHÜM BAŞLANGYJY KABUL EDILDI

TÜRKMENISTANYŇ ÝENE-DE BIR MÖHÜM BAŞLANGYJY KABUL EDILDI

Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasyndan bize Türkmenistanyň ýene-de bir möhüm başlangyjynyň kabul edilendigi baradaky şatlykly habar gelip gowuşdy. 2023-nji ýylyň 24-nji fewralynda Nýu-Ýork şäherinde bu guramanyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 60-njy umumy mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi goňşy döwletleriň hem-de Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň goldamagy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda, Aşgabatda 2007-nji ýylda döredildi. Türkmenistanyň Hökümeti sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn yzygiderli goldaw berýär. Hususan-da, onuň syýasy-diplomatik gatnaşyklary öňe sürmekde, sebitde gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, ynanyşmagy pugtalandyrmakda tagallalaryny we başlangyçlaryny goldaýar.

Geçen döwrüň içinde sebit merkezi Birleşen Milletler Guramasyny Merkezi Aziýa ýurtlary bilen parahatçylygy pugtalandyrmakda netijeli gatnaşyklary goldamakda, sebit hem-de halkara hyzmatdaşlygy höweslendirmekde netijeli baglanyşdyryjy ulgam hökmünde özüni görkezdi.