2024-nji ýylyň 29-njy maýy – 7-nji iýuny aralygynda ÝUNISEF-iň halkara maslahatçysy hanym Natalýa Koşelewanyň iş sapary we ýurdumyzyň degişli edaralary bilen duşuşyklary geçirildi. Duşuşyklar Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty we Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde guraldy.
Duşuşyklara Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak, Maliýe we ykdysadyýet, Içeri işler, Goranmak ministrlikleriniň, Baş Prokuraturasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Adalatçynyň Diwanynyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Aşgabat şäher häkimliginiň, Gyzyl ýarymaý milli jemgyýetiniň, «Нейтралный Туркменистан» gazetiniň redaksiýasynyň, «Altyn Asyr: Türkmenistan» elektron gazetiniň, «Ýeňme» jemgyýetçilik birleşmesiniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyklarda ÝUNISEF-iň Türkmenistan boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen bagly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy.