16-njy noýabrda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde we döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyny gowşurylyş dabarasy uly ruhubelentlik bilen geçirildi. Bu syýasy-jemgyýetçilik waka ýaşlarymyzyň Watanymyzyň ösüşine goşýan mynasyp goşandynyň, gazanýan üstünlikleriniň döwlet derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan saýlanyp alnan, aýratyn tapawutlanan ýaş hünärmenleriň, talyplaryň 141 sanysy bu hormatly ada mynasyp boldular. Ýeňijilere dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň şahadatnamalary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Baýraga mynasyp bolan ýaşlaryň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň Türkmenistanda hukuk ulgamyny kämilleşdirmek bölüminiň ylmy işgäri Ýunus Muhammedow hem bar.
Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, şahadatnama hem-de döwlet Baştutanynyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy milli buýsanjyň, ýaşlaryň ylhamynyň we geljege bolan ynamynyň dabarasy hökmünde ýatda galdy. Bu sylag diňe bir ýeňijilere däl, eýsem, ähli türkmen ýaşlaryny has uly sepgtilere ruhlandyrýan möhüm waka boldy.