TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

Ýewropa Komissiýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.

2024-nji ýylyň 4-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Ýewropa daşary gatnaşyklar gullugynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň başlygy Ditmar Krissler bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy. Adam hukuklary çygryndaky gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini we munuň aýdyň mysaly hökmünde her ýylda geçirilýän, Ýewropa Bileleşigi - Türkmenistan adam hukuklary babatda Dialogyň ähmiýeti bellenip geçildi. Duşuşygyň ahyrynda taraplar birek-birege duşuşyk üçin minnetdarlyk bildirdiler we netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.