TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY

«Emeli aň we onuň metbugat erkinligine täsiri» atly okuw maslahaty

«Emeli aň we onuň metbugat erkinligine täsiri» atly okuw maslahaty

2024-nji ýylyň 17-18-nji iýulynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkeziniň binasynda “Emeli aň we onuň metbugat erkinligine täsiri” atly okuw maslahaty geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Içeri işler, Adalat ministrlikleriniň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Adalatçynyň diwanynyň, Türkmen döwlet habarlar agentliginiň, “Arkadag”, “Нейтральный Туркменистан”, “Türkmenistan”, “Adalat”, gazetleriniň, “Altyn Asyr: Türkmenistan” elektron gazetiniň, “Arkadag”, “Altyn Asyr”, “Türkmenistan”, “Ýaşlyk” teleýaýlymlarynyň, Halkara maglumatlar merkeziniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda milli hünärmenleriň emeli aň we onuň metbugat erkinligine täsiri boýunça bilimlerini artdyrmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.